Eýranda Aşa Sowuk Howa Höküm Sürýär

Eýranda gar, sowuk howa, doňaklyk we ümür sebäpli mekdeplerde okuwlara arakesme berildi

1914581
Eýranda Aşa Sowuk Howa Höküm Sürýär

Eýranyň käbir şäherlerinde gar, sowuk howa, doňaklyk we ümür sebäpli mekdeplerde okuwlara arakesme berildi, käbir uçar saparlary bes edildi.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, aşa sowuk howa we doňaklyk sebäpli Rudehende we Demawentde okuwlara arakesme berildi.

Paýtagt Tährandaky Mehrabad howa menzilinde käbir uçar saparlarynyň gar we ümür sebäpli bes edilendigi nygtaldy.

Horasan welaýatynyň Maşad şäherinde we Erdebil welaýatynda hem çagalar bagy bilen birlikde başlangyç klas mekdeplerinde okuwlara arakesme berlendigi bellenildi.

Maşad welaýatynda gar sebäpli 1000 ulagyň ýolda galandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan ýolbaşçylar, ýurduň demirgazygyna gitjek sürüjilere doňaklyga garşy ünsleri bolmaklary üçin duýdyryş berdi.

 



Degişli Habarlar