Awstraliýanyň Premýer ministri Kowid-19-a ýolukdy

Awstraliýanyň Premýer ministri Entoni Albaniz, koronawirus testiniň položitel çykandygyny we izolýasiýa wagtynda öýünden işlejekdigini habar berdi

1914679
Awstraliýanyň Premýer ministri Kowid-19-a ýolukdy

Awstraliýanyň Premýer ministri Entoni Albaniz beren beýanatynda: "Ähli adamlara test etdirmäge, maşgalalaryny we goňşularyny goramak üçin goşmaça çäreler görmäge çagyrýaryn" diýip mälim etdi.

Entoni Albaniz şu ýylyň başynda hem koronawirusa ýolugypdy we federal saýlaw kampaniýasynyň bir bölegini dowam etdirip bilmändi. 

Awstraliýanyň Premýer ministri Entoni Albaniz 12-13-nji dekabr aralygynda Papua-Täze Gwineýa döwletine 2 günlük sapar gurar. 



Degişli Habarlar