ABŞ, Hytaýda Geçirilýän Protest Ýörişlerine Goldaw Berýär

Blinken, täze ýylda Hytaýa gurajak saparynyň çäginde meseläni gün tertibine getirjekdigini aýtdy.

1914502
ABŞ, Hytaýda Geçirilýän Protest Ýörişlerine Goldaw Berýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli hökümetiň girizen düzgünlerien garşy geçirilýän protest ýörişlerine goldaw berýändiklerini we täze ýylda Hytaýa gurajak saparynyň çäginde meseläni gün tertibine getirjekdigini aýtdy.

Blinken gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Blinken, ABŞ-nyň Hytaýda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli girizilen düzgünlere garşy geçirilýän ýörişlere goldaw berip bermeýändigi hakyndaky soraga “Elbetde goldaw berýäris” diýip jogap berdi.

Blinken “Hytaýda bolsun, Eýranda bolsun tapawudy ýok, dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan, parahatçylykly maksatly ýörişlere, adam hukuklaryna we söz azatlygyna goldaw berýäris” diýdi.

Täze ýylda Hytaýa sapar gurajakdygyny ýatladan Blinken, saparynyň çäginde bu meseläni gün tertibine getirjekdigini belledi.

Hytaýda koronawirusyň Omikron görnüşiniň ýaýramagy sebäpli hökümetiň girizen syýahat we önümçilik çäklendirmesi ýaly düzgünlerine garşy ýurduň çar tarapynda protest ýörişleri geçirilýär.

 

 



Degişli Habarlar