ABŞ-da elektrik desgasyna hüjüm guraldy
ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň etraplarynyň birindäki elektrik desgasyna hüjüm guralmagy netijsinde etrapda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
1914795
ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Mur etrabyndaky elektrik desgasyna garşy ýaragly hüjüm guraldy.
Hüjümiň netijesinde 45 müň adam elektrik toksyz galdy we etrapda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Talaňçylygyň we ogrulygyň öňüniň alynmagy maksady bilen agşam sagat 21:00-dan irden sagat 05:00-a çenli köçä çykmak gadagançylygy girizildi.
Hüjümçiler bilen bagly hiç hili beýannama berilmedi.
Federal Derňew býurosy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.
Elektrik desgasynyň abatlaýyş işleriniň şu hepdäniň penşenbe gününe çenli dowam edip biljekdigi aýan edildi.
Degişli Habarlar

Ukrainadan Polşa geçen ukrainalylaryň sany 9,5 million adamdan geçdi
Ukrainadan Polşa geçen ukrainaly bosgunlaryň sany şu gün 9,5 million adamdan geçdi