Medwedew Mýunhen Howpsuzlyk Maslahatynyň Regressiwleşendigini Beýan Etdi

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Germaniýada geçiriljek Mýunhen Howpsuzlyk maslahatynyň regressiwleşendigini, rus resmileriniň maslahata “hakykatlary beýan etjekdigi” üçin çagyrylmandygyny beýan etdi.

1913540
Medwedew Mýunhen Howpsuzlyk Maslahatynyň Regressiwleşendigini Beýan Etdi

Medwedew Twitterden beren habarnamasynda Mýunhen Howpsuzlyk maslahatynyň Başlygy Kristof Hýusgeniň maslahata rus resmileriniň çagyrylmajakdygy hakyndaky sözlerini analiz etdi.

Hýusgeni “başarnyksyz kätip” diýip häsýetlendiren Medwedew; “Mýunhen Howpsuzlyk maslahat dolulygyna regressiwleşdi. İndi bolsa hakykatlary eşitmezlik üçin ruslary çagyrmakdan gorkýarlar. Emma hakykatlar öz syýasy liderleri tarapyndan duzak gurulan ýewropalylaryň arasynda ýuwaşlyk bilen ýaýraýar” diýdi.

Hýusgen 28-nji noýabrda beren beýanatynda Mýunhen Howpsuzlyk maslahatyna rus resmileriniň çagyrylmajakdygyny, oňa derek rus oppozision liderleriniň we sürgündäki ruslar bilen Russiýanyň gelejeğini ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar