BMG: "Owganystan azyk howpsuzlygyna sezewar" diýdi

BMG Owganystanda 6 million adamyň azyk howpsuzlygyna sezewardygyny habar berdi

1913209
BMG: "Owganystan azyk howpsuzlygyna sezewar" diýdi

BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Ramiz Alakbarow, gyş paslynda Owganystanyň käbir sebitlerinde ýylylygyň 25 gradusa çenli peseljekdigini mälim etdi. 

Alakbarow: "Gyş möwsümine taýarlyk işlerini goldamak üçin 768 million dollara we şu ýylyň ahyryna çenli bolsa 614 million dollara zerurlygymyz bar" diýip beýan etdi. 

Ýurtda 6 million adamyň adatdan daşary ýagdaý derejesinde azyk howpsuzlygyna sezewardygyny aýdan Alakbarow, 2023-nji ýylda ilatyň 2/3 böleginiň, ýagny 28 million adamyň ynsanperwer kömege mätäç boljakdygyny aýan etdi. 

Talibanyň 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanyň häkimiýetiniň başyna geçmeginden soň, halkara derejedäki maliýe kömekleriniň kesilmegi bilen ýurduň ykdysadyýeti agyr zarba aldy, zenanlar we çagalar bilim bilen birlikde ençeme hukukdan mahrum galdylar. 

Müňlerçe zenan döwlet guramalaryndaky we hususy kärhanalardaky işlerinden mahrum boldylar. 


Etiketkalar: #Taliban , #azyk , #Owganystan

Degişli Habarlar