“1300-den Gowrak Ukrainaly Harby Hünärmen Ýesirlikden Halas Edildi”

Zelenskiý “Ýesirleri öýlerine getireliň. Ukraina dolulygyna erkin bolar. Ukrainalylar öýlerine dolanar” diýdi.

1913716
“1300-den Gowrak Ukrainaly Harby Hünärmen Ýesirlikden Halas Edildi”

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna garşy 24-nji fewralda yglan eden söweşinden bäri jemi 1300-den gowrak ukrainaly harby hünärmeniň ýesirlikden halas edilendigini mälim etdi.

Zelenskiý düýn gije Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Soňky gezek 1-nji dekabrda Russiýa bilen ýesirleriň çalşylandygyny we 50 ukrainaly harby hünärmeniň öýlerine dolanandygyny ýatladan Zelenskiý, häzire çenli jemi 1300-den gowrak ukrainalynyň rus ýesirliginden halas edilendigini belledi.

Zelenskiý “Ýesirleri öýlerine getireliň. Ukraina dolulygyna erkin bolar. Ukrainalylar öýlerine dolanar” diýdi.

 



Degişli Habarlar