Eýrandaky protestlerde ýogalanlaryň sany 448 adama ýetdi

Eýranda ýaş bir zenanyň göz tussaglygyna alynmagyndan we birnäçe wagt soň ýogalmagyndan soň başlan protestlerde ýogalan protestçileriň sanynyň 448-e ýetendigi habar berildi

1912829
Eýrandaky protestlerde ýogalanlaryň sany 448 adama ýetdi

Merkezi Norwegiýada ýerleşýän Eýranyň Adam hukuklary guramasyna degişli internet saýtynda çap edilen habarnamada, Eýranda soňky 1 hepdede başdan geçirilen wakalarda 16 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ýurtdaky 31 welaýatyň 26-syny öz içine alyp taýarlanan habarnamada, iň köp adam ýitgisiniň ýagny 128 adamyň ýaşaýjylarynyň aglabasy sünnilerden ybarat bolan Sistan-Bulujystan welaýatynda hasaba alynandygy aýan edildi. 

Ýogalanlaryň 29-synyň zenanlardan, 60-synyň 18 ýaşdan kiçi bolan çagalardan ybaratdygy mälim edildi. 

Paýtagt Tähran şäherinde 13-nji sentýabrda Ahlak polisiýasy diýip atlandyrylýan Irşad patrullary tarapyndan göz tussaglygyna alynanyndan soň, saglyk ýagdaýy erbetleşen we hassahana ýatyrylan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy, ýurduň dolanşygyna garşy protestleriň başlamagyna sebäp bolupdy. 

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunlarynyň serkerdelerinden Emir Ali Hajyzade düýn beren beýanatynda, protest aksiýalarynda häzirki wagta çenli aralarynda howpsuzlyk güýçleri hem bolan 300-den gowrak adamyň ýogalandygyny mälim edipdi. 

Eýranly resmiler adam pidalaryna howpsuzlyk güýçleriniň däl, eýsem öjükdirijileriň sebäp bolýandygyny öňe sürýärler. 


Etiketkalar: #protest , #Eýran

Degişli Habarlar