Russýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky Täze Start maslahaty yza süýşürildi

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky Täze Strategik ýaraglaryň azaldylmagy bilen baglanşykly ylalaşygyň (Täze Start) gözegçilik maslahaty yza süýşürildi

1912328
Russýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky Täze Start maslahaty yza süýşürildi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ABŞ bilen 2010-njy ýylda gol çekişilen we 2011-nji ýylda güýje giren Täze Start ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi we gözegçiligi bilen baglanşykly Müsüriň paýtagty Kair şäherinde 29-njy noýabr we 6-njy dekabr aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen gözegçilik maslahatynyň yza süýşürilendigi habar berildi. 

Geçen ýyl uzadylan we möhledi 2026-njy ýyla çenli bolan ylalaşyk bilen baglanşykly gözegçilik maslahatynyň näme sebäpli yza süýşürilendigi barada bolsa maglumat berilmedi. 

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ozal beren beýanatynda, şu aý Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda Täze Start ylalaşygynyň çäginde gözegçilikleriň ýaňadandan başladylmagy maksady bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini habar beripdi. 

Awgust aýynda bolsa Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ABŞ we Russiýa taraplarynyň ylalaşygyň çäginde gözegçilikler bilen baglanşykly ençeme meseläniň çözülendigini beýan edipdi.


Etiketkalar: #ylalaşyk , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar