“Putin Gyş Paslyndan Hyýanatçylykly Peýdalanmak Isleýär”

Stoltenberg, “Putiň ýeňiş gazanmagyna rugsat berilmez”diýdi.

1912093
“Putin Gyş Paslyndan Hyýanatçylykly Peýdalanmak Isleýär”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçsy Wladimir Putiniň gyş paslyny Ukraina garşy ýarag hökmünde ulanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Ýens Stoltenberg, Ruminiýanyň paýtagty Buharestde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Daşary işler ministrleriniň Ukraina goldaw bermek üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdan Stoltenberg, “Putiň ýeňiş gazanmagyna rugsat berilmez”diýdi.

Russiýanyň Ukrainanyň infstrukturasyny nyşana almaga dowam edýändigini aýdan Stoltenberg, “Gyş paslynyň gelmegi bilen Putiniň Ukrainanyň infstrukturasyny nyşana almagy onuň gyş paslyndan hyýanatçylykly peýdalanmaga çalyşýandygyny görkezýär” diýip belledi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar