Kirbi: "Türkiyäniň özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýdi

ABŞ-nyň Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk direktory Jon Kirbi, Türkiyäniň terror howpyna garşy özüni goramaga hukugynyň bardygyny habar berdi

1912278
Kirbi: "Türkiyäniň özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýdi

ABŞ-nyň Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk direktory Jon Kirbi, gündelik metbugat ýygnagynda, Türkiyäniň Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy alyp barýan operasiýalarynyň üstünde durup geçdi. 

Türkiyäniň terrorçylykly hüjümlere sezewar galýandygyny aýdan Kirbi: "Türkiyäniň terrora garşy özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýip belledi. 

Jon Kirbi 22-nji noýabrda beren beýanatynda hem, Türkiyäniň günorta serhedinde terror howpyna sezewar galýandygyny we özüni her dürli ýagdaýda goramaga hukugynyň bardygyny habar beripdi. 

 



Degişli Habarlar