Eýranda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde 300-den Gowrak Adam Ýogaldy

“Protestlere aldananlar ynkylapçy däl, biziň çagalarymyz we halkymyzyň bir bölegi”

1912333
Eýranda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde 300-den Gowrak Adam Ýogaldy

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Emir Ali Hajyzade, 22 ýaşyndaky Mahsa Eminiň saklanandan soň ýogalmagy sebäpli başlan protest ýörişlerinde häzire çenli howpsyzlyk güýçleri bilen birlikde 300-den gowrak adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Paýtagt Tährandaky Şehid Rejaýi uniwersitetinde çykyş eden Hajyzade, ýurtda 2,5 aýdan bäri dowam edýän protest ýörişleri hakynda durup geçdi.

Ýörişleriň hökümete garşy tutum alyp barýanlar tarapyndan başladylandygyny emma protestlere gatnaşan her bir adamyň günäkärlenmeli däldigini aýdan Hajyzade “Protestlere aldananlar ynkylapçy däl, biziň çagalarymyz we halkymyzyň bir bölegi” diýdi.

Ýurtdaky ýaşlaryň “duşmany tanamaýandygyny” aýdan Hajyzade, uniwersitetlerde bu meselede ders berilmelidigini belledi.

Eýranly serkerde çykyşynda, protestlerde ýogalanlaryň sany barada hem durup geçdi.

Hajyzade “Duşmany tanamaýandygymyz üçin iki aýda 300-den gowrak adam öldürildi ýada şehit boldy” diýdi.

Paýtagt Tähranda 13-nji sentýabrda “ahlak polisi” hökmünde bilinýän İrşad patrullary tarapyndan saklanandan soň ýagdaýy agyrlaşan we hassahanada bejergi astyna alynan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy, hökümete garşy protestlere sebäp bolupdy.

 

 



Degişli Habarlar