Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Doly Agza Bolmak Isleýär

Eýranyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna doly agza bolmagy baradaky taslama Mejlisde sese goýuldy.

1911652
Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Doly Agza Bolmak Isleýär

Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna doly agza bolmagy baradaky taslama Mejlisde kabul edildi.

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýranyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna doly agza bolmagy baradaky taslama Mejlisde sese goýuldy.

Sese goýulşyga 237 halk deputaty gatnaşdy.

Taslama 203 halk deputatynyň sesi bilen kabul edildi.

3 halk deputaty taslama “garşy” ses berdi, 4 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

2005-nji ýylda ŞHG-na synçy agza bolan Eýranyň doly agzalyk etaby 2021-nji ýylda başlapdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Emir Abdullahiýan, 14-nji sentýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde guramanyň Baş sekretary Zang Ming bilen Eýranyň gurama doly agza bolmagy baradaky kepilnama gol goýupdy.

 



Degişli Habarlar