Zelenskiý Russiýanyň Raketaly Hüjümlere Taýýarlyk Görýändigini Öňe Sürdi

Wladimir Zelenskiý rus goşunlarynyň täze bir raketaly hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigini öňe sürdi.

1911676
Zelenskiý Russiýanyň Raketaly Hüjümlere Taýýarlyk Görýändigini Öňe Sürdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý rus goşunlarynyň Ukrainanyň harby däl we energiýa infrastrukturalaryna täze bir raketaly hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigini öňe sürdi.

Zelenskiý giç ara Telegram hasabyndan beren wideo ýüzlenmesinde 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Soňky döwürde bolşy ýaly şu hepdäniň dowamynda iň agyr çaknyşyklaryň Donesk frontunda dowam edýändigine ünsi çeken Zelenskiý; “Frontda şertler iňňän agyr” diýdi.

Russiýanyň geçen hepde Ukrainada ýene-de harby däl we esasy energiýa infrastrukturalaryny bombalandyğyny beýan eden Zelensliý, hüjümleriň netijesinde ýurtda ýüze çykan böldençlikleri ortadan aýyrmak üçin irginsiz tagalla edilýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar