Somalide Prezident Köşgüniň Golaýynda Iki Hüjüm Guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Aş Şebab öz üsüne aldy.

1911634
Somalide Prezident Köşgüniň Golaýynda Iki Hüjüm Guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda Prezident köşgüniň golaýynda ýerleşýän myhmanhana iki bombaly hüjüm guraldy.

Somaliniň SONNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Willa Roza myhmanhanasynda iki bomba ýaryldy. Bombaly hüjümden soň çaknyşyk boldy.

Hökümet agzalarynyň ýygy-ýygydan barýan myhmanhanasynda guralan hüjümlerde ýogalanlar we ýaralananlar hakynda maglumat berilmedi.

Somaliniň Howpsyzlyk ministri Muhammed Ahmed Dodişiň hüjümlerde ýaralanandygy öňe sürülýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Aş Şebab öz üsüne aldy.

 



Degişli Habarlar