Eýrandaky protestler dowam edýär

Eýranda Mahsa Emininiň göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalmagyndan soň başlan protestler ýurduň käbir şäherlerinde dowam edýär

1910975
Eýrandaky protestler dowam edýär

Ýurduň paýtagty Tähran bilen birlikde Yspyhan, Maşad, Kürdistan we Elburs welaýatynyň Kereç şäherinde bir ýere ýygnanan adamlar, häkimiýete garşy şygarlar aýdyp, ýöriş geçirdiler. 

Tähranyň Settar Han etrapçasynda käbir protestçiler ýollarda ot ýakyp, golaýdaky adamlara protestlere gatnaşmak barada çagyryş berdiler. 

Şäheriň Narmek we Çitger etrapçalarynda hem protestler geçirildi. 

Kürdistan welaýatynyň Kamýaran şäherinde bolsa ozalky protestlerde ýogalan adamlar üçin hatyralama çäresi geçiren adamlar häkimiýete garşy şygarlar aýdan bolsa, Yspyhan şäherinde bir ýere ýygnanan adamlar şygarlar aýdyp, ýöriş geçidiler. 

Tähranda 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalmagy, ýurtda häkimiýete garşy protestleriň başlamagyna sebäp bolupdy. 



Degişli Habarlar