Putin, Kollektiw Howpsyzlygy Ylalaşygy Guramasynyň Maslahatyna Gatnaşdy

“Gazanylan ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi Baku bilen Ýerewanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy taýdan möhüm”

1910444
Putin, Kollektiw Howpsyzlygy Ylalaşygy Guramasynyň Maslahatyna Gatnaşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyklar gyşarnyksyz ýerine ýetirlen halatynda iki ýurduň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylyp bilinjekdigini aýtdy.

Putin, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirlen Kollektiw Howpsyzlyk Ylalaşygy guramasynyň maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda, Soçide geçen aýyň ahyrynda geçirlen Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderler duşuşygy hakynda durup geçen Putin, duşuşygyň netijeli geçendigini aýtdy.

Liderleriň 2020-2021-nji ýyllarda kabul edilen jarnamalara tabynlykda hereket etjekdiklerine ünsi çekendigini aýdan Putin, serhetleriň kesgitlenilmegi we aragatnaşyk koridorlarynyň açylmagy meselesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynda uly rol oýnajakdygyny belledi.

Putin “Gazanylan ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi Baku bilen Ýerewanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy taýdan möhüm” diýdi.

Beýleki tarapdan Kollektiw Howpsyzlyk Ylalaşygy guramasy, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Azerbaýjanyň goşununyň 2021-nji ýylyň maý aýyndan ozalky pozisiýasyna dolanmagy barada beren teklibini kabul etmedi.

Nikol Paşinýan guramanyň Azerbaýjana garşy karar kabul etmändigi sebäpli maslahatyň jemleýji jarnamasyny tassyklamady.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Pekow, Paşinýanyň Kollektiw Howpsyzlyk Ylalaşygy guramasynyň liderler maslahatynyň jemleýji jarnamasyny kabul etmändigine garamazdan Ermenistanyň guramanyň agzasy hökmünde öz işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ýagdaýyň çylşyrymlydygyny aýdan Peskow “Seljerlen ähli ugurlar boýunça ylalaşyk gazanylmady we bu waka hem bu guramanyň nähili möhümdigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.



Degişli Habarlar