Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Indoneziýanyň Günbatar Ýawa ştatynda 21-nji noýabrda bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 271 adama ýetdi

1910414
Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Milli Apat dolanşygy agentliginiň başlygy Suharýanto ýurduň Günbatar Ýawa ştatynda bolan ýer titremeden 2 gün soň 6 ýaşyndaky bir çaganyň harabalyklaryň aşagyndan çykarylandygyny habar berdi. 

Häzirki wagta çenli 271 adamyň ýogalan ýer titremede azyndan 40 adamyň dereksiz ýitendigini aýdan Suharýanto, 2 müň 43 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Suharýanto, ýogalanlaryň 100-siniň çagalardan ybaratdygynyň tassyklanandygyny beýan etdi. 

Takmynan 62 müň adamyň wagtlaýyn düşelgelerde ýaşaýandygyny aýdan Suharýanto, gözleg we halas ediş toparlaryna, polisiýa işgärlerine we meýletinlere goldaw bermek maksady bilen 12 müň harbynyň apatyň başdan geçirilen sebite ýerleşdirilendigini aýan etdi. 

Suharýanto ýer titreme sebäpli Çandžurda 56 müň 230-dan gowrak öýe zyýan ýetendigini, arasynda 31 mekdep hem bolan 170-den gowrak döwlet binasyna zeper ýetendigini habar berdi. 

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi Indoneziýanyň Günbatar Ýawa ştatynyň Çirandžang şäheriniň 18 km günorta-günbatarynda bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini mälim edipdi. 



Degişli Habarlar