Ýewropa Parlamenti, Russiýany “Terrory Maliýeleşdirýän Döwlet” Diýip Yglan Etdi

ÝB-niň terror sanawyna üýtgetme girizilmegi, şeýlelikde Russiýanyň şol sanawa alynmagy talap edildi

1910159
Ýewropa Parlamenti, Russiýany “Terrory Maliýeleşdirýän Döwlet” Diýip Yglan Etdi

 

Ýewropa Parlamenti, Russiýanyň harby jenaýat edýändigini we terrory serişde hökmünde ulanýandygyny nygtap, Russiýany “terrory maliýeleşdirýän döwlet” diýip yglan etdi.

Ýewropa Parlamentinden berlen beýannamada, “Parlament, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri barada karar kabul etdi. Halk deputatlary, rus güýçleri we wekilleri tarapyndan Ukrainadaky asuda ilata garşy guralýan bilkastlaýyn hüjümleriň we wagşyçylyklaryň, infstrukturanyň hatardan çykarylmagynyň, adam hukuklarynyň basgylanmagynyň terrorçylykly aksiýadygyny we harby jenaýatdygyny nygtaýar. Şol sebäpli Russiýanyň harby jenaýat edýändigi we terrory serişde hökmünde ulanýandygy üçin, Russiýany “terrory maliýeleşdirýän döwlet” diýip yglan etdi” diýildi.

Taslamada, ÝB-niň terror sanawyna üýtgetme girizilmegi, şeýlelikde Russiýanyň şol sanawa alynmagy talap edildi.

Beýleki tarapdan Wagner topary bilen Russiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän ýaragly toparlaryň terror sanawyna alynmagy islendi.

Ýewropa Parlamentiniň halk deputatlary taslamada, Russiýanyň 24-nji fewralda başlan söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan müňlerçe adamyň, ýüzlerçe çaganyň ýogalmagyndan jogapkärdigini nygtady.

Taslamada Russiýanyň häzire çenli 40 müňden gowrak harby jenaýat edendigi ýatladyldy.

Taslamada şeýle hem ÝB-de propaganda işlerini alyp barýan Russiýa bilen arabaglanşykly guramalaryň ýapylmagy ýada gadagan edilmegi üçin çagyryş berdi we ÝB-niň Russiýa garşy 9-njy sanksiýa bukjasynyň tamamlanmagy islendi

 

 

 

 



Degişli Habarlar