Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainaly resmiler Russiýanyň şu gün ýurduň paýtagty Kiýew şäherine garşy raketalar bilen guran hüjüminde energetika infrastrukturasyna zyýan ýetendigini habar berdiler

1910202
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
elektrik.jpg
ukrayna hastane fuze.jpg

Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, energetika infrastrukturasyna hüjüm guralandygyny mälim etdi. 

Şäheriň merkezinde we demirgazyk böleginde elektrik toklaryň kesilendigi aýan edildi. 

Russiýanyň dowamly hüjümleriniň Ukrainanyň ähli ýerinde diýen ýaly elektrik toklaryň kesilmegine sebäp bolýandygy habar berildi. 

Russiýanyň Ukraina garşy raketalar bilen guran hüjümleri sebäpli Moldawiýada hem elektrik toklaryň kesilmegine eltendigi beýan edildi. 

Mesele bilen bagly beýannamany Moldawiýanyň Wise-premýeri we şol bir wagtda ýurduň Infrastruktura ministri bolan Andrei Spinu berdi. 

Russiýanyň Ukrainadaky energetika infrastrukturalaryna garşy guran hüjümleriniň Moldawiýada giň gerimli elektrik tok kesilmelerine sebäp bolandygyny aýdan Spinu, ulgam operatory bolan Moldelectrica edarasynyň ýurduň 50 göterimden gowrak ýerine elektrik toklaryň ýetirilmegi üçin iş alyp barmaga dowam edýändigini mälim etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjümler başladypdy. 



Degişli Habarlar