Günbatar Iýerusalimde iki aýry partlama boldy

Ysraýylda Günbatar Iýerusalimde bolan 2 aýry partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 1 adamyň ýogalandygy, 13 adamyň ýaralanandygy habar berildi

1909939
Günbatar Iýerusalimde iki aýry partlama boldy

Ysraýylyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Günbatar Iýerusalimde 2 aýry nokatdaky awtobus duralgalarynyň golaýynda, bombaly hüjüm diýip çak edilýän partlamalar boldy. 

Beýanatda Günbatar Iýerusalimiň çykyşyndaky Giwat Şaul çatrygyndaky awtobus duralgasynda bolan partlamanyň netijesinde azyndan 11 adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Şol partlamadan soň bolsa Günbatar Iýerusalimiň Ramot çatrygyndaky awtobus duralgasynyň golaýynda 2-nji partlamanyň bolandygy we wakada 3 adamyň ýaralanandygy habar berildi. 

Ýaralanan adamlaryň bejergi maksatly hassahana ýatyrylandygy aýan edildi. 

Hassahana ýatyrylan ýaralanan adamlaryň käbirleriniň ýogalandygy, 4 adamyň saglyk ýagdaýynyň bolsa agyrdygy mälim edildi. 

Ysraýylyň Polisiýa gullugy wakanyň bolan ýerlerinde delil we subutnamalaryň gözden geçirilýändigi we şübhe astyndaky adamlaryň ýerleriniň anyklanmagy üçin işleriň geçirilýändigi beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Premýer ministri Ýair Lapidiň resmiler bilen ýörite howpsuzlyk maslahatyny geçirjekdigi aýan edildi. 

 



Degişli Habarlar