Kolumbiýada kiçi uçar ýere gaçdy

Saglygy goraýyş edarasy ýogalan adamlaryň 6-synyň ýolagçylardan, 2-siniň bolsa ekipaždan ybaratdygyny mälim etdi

1909194
Kolumbiýada kiçi uçar ýere gaçdy

Kolumbiýanyň Medellin şäherinde kiçi uçaryň ýaşaýyş zolagynyň üstüne gaçmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Saglygy goraýyş edarasy ýogalan adamlaryň 6-synyň ýolagçylardan, 2-siniň bolsa ekipaždan ybaratdygyny mälim etdi. 

Wakada ýaşaýyş zolagynyň çäklerindäki 4 öýe zeper ýetdi. 

Medellin şäheriniň häkimi Daniel Kuinntero uçaryň Olaýa Herrera howa menzilinden uçanyndan gysga wagt soň dwigatelinde näsazlygyň başdan geçirilendigini we gonmak üçin yzyna gaýdyp gelýärkä ýaşaýyş ýerleriniň üstüne gaçandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #kiçi uçar , #Kolumbiýa

Degişli Habarlar