Ukraina: "Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhledi ýene-de 120 gün uzadylar" diýdi

Ukrainanyň Infrastruktura ministrligi möhledi 19-njy noýabrda doljak Galla geçelgesi ylalaşygynyň ýene-de 4 aý uzadyljakdygyny habar berdi

1907537
Ukraina: "Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhledi ýene-de 120 gün uzadylar" diýdi

Galla geçelgesi ylalaşygy 22-nji iýulda Stambulda Türkiyäniň we BMG-nyň araçylyk etmeginde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda baglaşyldy. 

Möhledi 19-njy noýabrda doljak ylalaşyk bilen baglanşykly gepleşikler dowam edýärdi. 

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 120 gün uzadyljakdygyny habar berdi. 

Beýik Britaniýanyň Reuters habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, ukrainaly ministr wakany global azyk krizisine garşy göreşde möhüm ädim hökmünde häsýetlendirdi. 

Emma ukrainaly ministr mesele bilen bagly jikme-jik beýanat bermedi. 

Russiýa hem öz gezeginde Galla geçelgesi ylalaşygy babatynda öňe gidişlik edilendigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar