Liderler Polşanyň territoriýasyna gaçan raketa alada bildirýärler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bolsa Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda bilen söhbetdeş bolup, raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi

1907041
Liderler Polşanyň territoriýasyna gaçan raketa alada bildirýärler

Geçirilen söhbetdeşlikden soň Ak Tam tarapyndan berilen beýanatda, Jo Baýdeniň derňew tapgyrynda Polşa her dürli goldawy bermäge taýardygyny aýdandygy bellenip: "Jo Baýden ABŞ-nyň NATO berk ýagdaýda baglydygyny ýene-de bir gezek nygtap geçdi. Iki lider derňew tapgyrynda laýyk ädimleriň kesgitlenmegi babatynda ýakyn aragatnaşyk içinde boljakdyklary babatynda ylalaşdylar" diýip mälim edildi. 

Beýleki tarapdan NATO Polşa gaçan raketalar bilen baglanşykly: "Şol wakany derňeýäris we ýaranymyz Polşa bilen ýakyn koordinasiýa içindediris" diýip belledi. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-nyň ýagdaýa gözegçilik edýändigini beýan etdi. 

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, ÝB-niň Polşanyň ýanyndadygyny belläp, polşaly resmiler bilen, ÝB Geňeşiniň agzalary bilen we beýleki ýaranlar bilen aragatnaşyk içindediklerini habar berdi. 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Polşa raketa atylandygy baradaky habarlara alada bildirýändigini beýan etdi. 

Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Hýuitfeld Polşanyň territoriýasyna raketanyň gaçmagyna örän uly bir hadysa hökmünde garaýandyklaryny habar berdi. 

Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda Polşa gaçan raketalar bilen baglanşykly habarlaryň alada döredýändigini belläp: "NATO sebitiniň her bir santimetrini goramaly" diýip nygtady. 

Slowakiýanyň Premýer ministri Eduard Heger, Pşewodow obasyndaky partlama bilen baglanşykly habarlara alada bildirýändiklerini beýan etdi. 

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Polşadaky rekataly hüjüm we Dostluk nebit geçiriji turba liniýasynyň ýapylmagy bilen baglanşykly Goranmak Geňeşini ýygnady.

Bolgariýanyň hökümeti hem Polşanyň Pşewodow obasyna rekata gaçmagyna reaksiýa bildirip, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň bes edilmelidigini belledi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bolsa, rus raketalarynyň şu gün Polşanyň territoriýasyna gaçandygyny öňe sürüp: "NATO-nyň territoriýasyna raketa atylmagy umumy howpsuzlyga garşy bir rus hüjümidir" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #BMG , #ABŞ , #raketa , #Polşa

Degişli Habarlar