Ýens Stoltenberg Ukraina berilýän goldawyň dowam etmelidigini belledi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ukrainanyň Russiýa bilen gepleşikler başladan halatynda NATO-nyň çemeleşmesiniň nähili boljakdygy bilen bagly: "Ukrainanyň kabul etjek şertleri bolsa goldaw bereris" diýip habar berdi

1906349
Ýens Stoltenberg Ukraina berilýän goldawyň dowam etmelidigini belledi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Gollandiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Wopke Hukstra we Goranmak ministri Kaýsa Ollengren bilen geçiren duşuşygyndan soň, metbugat işgärlerine beýannama berdi. 

Ýens Stoltenberg Russiýanyň Hersondaky goranyş pozisiýalaryny Dnepr derýasynyň çep kenaryna geçirmeginiň, Ukraina üçin söweş meýdanynda gazanylan üstünlikdigini we Ukraina berilýän goldawyň dowam etdirilmegi strategiýasyny güýçlendirýändigini beýan etdi. 

Stoltenberg: "Söweşleriň aglabasy gepleşikler arkaly tamamlanar, emma gepleşikdäkiler dolulygyna söweş meýdanyndaky üstünliklere bagly" diýip Ukrainanyň goşunynyň söweşde üstün çykdygy saýyn, gepleşiklerde hem eliniň has güýçli boljakdygyny belledi. 

Stoltenberg metbugat işgärleriniň Ukrainanyň Russiýa bilen gepleşikler geçirmek üçin gowy bir mümkinçiliginiň bardygy bilen bagly soraga: "Söweşde ukrainalylar zyýan çekýär. Şol sebäpli haçan we haýsy şertlerde gepleşikleriň başlanjakdygyna ukrainalylar karar bermeli" diýip jogap berdi. 

Stoltenberg: "Ukrainanyň kabul etjek şertleri bolsa goldaw bereris. Biziň wezipämiz Ukrainanyň elini güýçlendirmek" diýip belledi. 

Stoltenberg Ukraina berilýän goldawyň dowam etmeginiň gerekdigini nygtady. 



Degişli Habarlar