Ukrainada 100 Müňden Gowrak Rus Esgeri Ýogaldy ýada Ýaralandy

“9 aýdan bäri dowam edýän söweşde häzire çenli ukrainaly 40 müňe golaý adam ýogaldy, 100 müňden gowrak rus esgeri öldürildi ýada ýaralandy”

1904773
Ukrainada 100 Müňden Gowrak Rus Esgeri Ýogaldy ýada Ýaralandy

ABŞ-nyň Baş ştabynň başlygy goşun generaly Mark Milleý, Ukrainada 100 müňden gowrak rus esgeriniň ýogalandygyny ýada ýaralanandygyny aýtdy.

Nýu-Ýorkda çykyş eden Mark Milleý, Russiýanyň söweşiň başynda ele geçiren ýeri Ukrainanyň Herson şäherinden çekilendigini we gyş paslynyň iki ýurt üçin parahatçylyk gepleşikleri üçin uly pursat bolup biljekdigini nygtady.

Russiýanyň Hersondan 20-30 müň esgeri bilen dolulygyna çekilmegi işleriniň birnäçe hepde dowam edip biljekdigini aýdan Milleý, ruslaryň baharky hüjümlere taýarlanmak maksady bilen yza çekendigine ünsi çekdi.

Milleý “Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 9 aýdan bäri dowam edýän söweşde häzire çenli ukrainaly 40 müňe golaý adam ýogaldy, 100 müňden gowrak rus esgeri öldürildi ýada ýaralandy” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi rus güýçleriniň Herson şäherinden çekiljekdigini mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Ukraina , #esger , #Russiýa

Degişli Habarlar