“Türkiýe, Ykdysady Taýdan Ösen Ýurt we Yragyň Galkynyşynda Uly Rol Oýnap Biler”

Premýer-ministr Sudani, paýtagt Bagdatda metbugata beýannama berdi.

1903897
“Türkiýe, Ykdysady Taýdan Ösen Ýurt we Yragyň Galkynyşynda Uly Rol Oýnap Biler”

Yragyň Premýer-ministri Şiýa As Sudani ykdysady taýdan ösen ýurt Türkiýäniň ýurdunyň galkynyşynda uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Premýer-ministr Sudani, paýtagt Bagdatda metbugata beýannama berdi.

Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi hakyndaky soraga jogap beren Sudani, “İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary ýokary we beýleki ugurlarda hem uly mümkinçilikler bar. Türkiýe, ykdysady taýdan ösen ýurt we Yragyň galkynyşynda uly rol oýnap biler” diýdi.

Iki ýurduň arasynda suw we howpsyzlyk ýaly meseleleriň gün tertibinde esasy rol oýnaýandygyna ünsi çeken Premýer-ministr Sudani, “Ýagyşlaryň azalmagy we Türkiýe bilen Eýrandan gelýän suwyň mukdarynyň azalmagy bizde suw ýetmezçiligine sebäp boldy. Bu meseläniň diplomatiýa arkaly çözülmegini isleýäris. Yrak halkara kanunlara laýyklykda şol ýurtlardan gelýän suwdan öz paýyny almak isleýär. Suw meselesinde gepleşikler geçirlip bilner. Sebäbi oba hojalyk pudagy taýdan suw biziň üçin esasy mesele” diýip belledi.

 


Etiketkalar: #suw , #Premýer ministr , #Yrak

Degişli Habarlar