Siriýada guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

Hüjümde ýaralanan 75 adamyň bejergisi bolsa dowam edýär

1902853
Siriýada guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibiň demirgazygynda asuda ilatyň sygynan Maram çadyr düşelgesine guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi. 

Hüjümde ýaralanan 75 adamyň bejergisi bolsa dowam edýär. 

Beýleki tarapdan bolsa Asada tabynlykdaky güýçler Idlibiň günortasyndaky M4 gara ýolunyň töweregine we Halap welaýatynyň günbataryna hüjümler gurady. 

Asada tabynlykdaky güýçlerden we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlardan ybarat Siriýanyň hökümetine bagly ýaragly toparlar, Idlibiň günortasyndaky Halap we Latakiýa welaýatlaryny biri-biri bilen birikdirýän strategik ähmiýete eýe bolan M4 gara ýoluna we Halapyň günbataryndaky asuda ilatly ýerler bilen Asada tabynlykdaky güýçlere garşy bolan ýaragly toparlaryň söweşjeň liniýalaryna garşy agyr ýaraglar bilen hüjüm guradylar. 



Degişli Habarlar