Ukraina Gyşky Kömegi Berler

“G-7-ä agza ýaranlarymyz bilen Ukraina gyş kömegini bereris”

1902213
Ukraina Gyşky Kömegi Berler

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok G-7-ä agza ýurtlar Germaniýa, ABŞ, Britaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ýaponiýa we Kanada hökmünde Ukraina gyşky kömegini berjekdiklerini aýtdy.

G-7-ä agza ýurtlaryň Germaniýanyň Mýunster şäherinde geçirjek maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Berbok “G-7-ä agza ýaranlarymyz bilen Ukraina gyş kömegini bereris” diýdi.

Gurama agza bolmadyk ýurtlaryň hem Ukraina kömek berjekdigini aýdan Berbok, “Gyşky kömek şol bir wagtda halkara hukugynyň basgylanmagyny kabul etmejekdigimizi görkezýär. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukrainany bölmek strategiýasyny kabul etmeris. Halkara bitewilige zeper ýetirilmegine rugsat bermeris” diýdi.

Putini Ukrainanyň infstrukturasyny hatardan çykarmakda günäkärlän Berbok, G-7-ä agza ýurtlaryň ýaşulylaryň, ýaşlaryň we çagalaryň açlyk we sowuk sebäpli ýogalmagyna rugsat bermejekdigini nygtady.


Etiketkalar: #G-7 , #kömek , #Ukraina

Degişli Habarlar