Pakistanda Imran Hana Garşy Guralan Hüjümden Soň Protest Ýörişleri Başlady

Imran Han, Penjap welaýatynyň Wezirabad şäherinde ulag kerwenine guralan hüjümde ýeňil ýaralanypdy.

1902026
Pakistanda Imran Hana Garşy Guralan Hüjümden Soň Protest Ýörişleri Başlady

Pakistanyň ozalky Premýer-ministri Imran Hana we tarapdarlaryna garşy guralan hüjümden soň ýurduň çar tarapynda protest ýörişleri başlady.

Pakistanyň paýtagty Yslamabat bilen birlikde Karaçi, Lahor, Peşawer we Multan ýaly birnäçe şäherde Pakistan Adalat hereketiniň lideri Imran Hana garşy guralan hüjüme garşylyk görkezmek üçin halk köçä çykdy.

Protest ýörişleri sebäpli birnäçe şäherde ýollar gatnawa ýapyldy.

Pakistanyň ozalky Premýer-ministri Imran Han, Penjap welaýatynyň Wezirabad şäherinde ulag kerwenine guralan hüjümde ýeňil ýaralanypdy.

Hüjümde 1 adam ýogalypdy, 6 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar