Putin, Aliýew we Paşinýan Soçide Duşuşdy

Rus lideri Putin, duşuşygyň netijeli geçendigini we geljekde baglaşyljak şertnamalar üçin amatly şertiň döredilendigini belledi.

1900255
Putin, Aliýew we Paşinýan Soçide Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýanyň Soçi şäherinde duşuşdy.

Duşuşykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda baglaşyljak parahatçylyk şertnamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rus lideri Putin, duşuşygyň netijeli geçendigini we geljekde baglaşyljak şertnamalar üçin amatly şertiň döredilendigini belledi.

Üçtaraplaýyn duşuşykdan soň kabul edilen bilelikdäki jarnamada, sebitde durnuklylygyň we yzigiderli parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Jarnamada şeýle hem hem Aliýew bilen Paşinýanyň Russiýanyň Günorta Kawkazda durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi, gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin edýän tagallasyndan we goşýan goşandyndan hoşaldygy ýatladyldy.

Soçider liderleriň duşuşygyndan aýry Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow, Jeýhun Baýramow we Ararat Mirzoýan hem üçtaraplaryn duşuşyk geçirdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar