Çehiýada Ukrainany goldap demonstrasiýa geçirildi

Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde müňlerçe demonstrant, demokratik gymmatlyklara eýe çykmak we Ukrainany goldamak maksady bilen ýöriş geçirdi

1899788
Çehiýada Ukrainany goldap demonstrasiýa geçirildi

Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde 3 gün ozal hökümediň Ukrainany goldaýan pozisiýasyna nägilelik bildirmek maksady bilen geçirilen demonstrasiýadan soň, bu gezek bolsa Wenseslas meýdançasynda Ukrainany goldamak isleýänler ýygnandy. 

Demonstrasiýada Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň aýaly Olena Zelenska onlaýn görnüşde çykyş etdi. 

Olena Zelenska ýurdunyň esaslandyrylmagyndan bäri iň garaňky günlerini başyndan geçirýändigini belläp, söweşde başdan geçirilýänlere göz ýumulmazlygyny isledi. 

Ýurduna berilýän goldawa minnetdarlyk bildiren Olena Zelenska, Russiýanyň başladan söweşinde üstün çykyp bilmejekdigini beýan etdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlygy bolan Çehiýada artan inflýasiýa, ýaşaýyş-durmuşyň gymmatlygy we energetika krizisi sebäpli soňky 2 aýda 3-nji gezek, müňlerçe protestçiniň gatnaşmagynda 5 partiýadan ybarat koalisiýa hökümedine garşy protestler geçirildi. 

ÝB-niň Russiýa garşy sanksiýalaryna garşy durýan protestçiler, Çehiýanyň söweşde bitarap bolmalydygyny, hökümediň bolsa wezipesinden çekilmelidigini nygtaýarlar. 



Degişli Habarlar