Ak Tam: "Russiýa protestler babatynda Eýrana maslahatlar berýän bolup biler" diýdi

ABŞ-da Ak Tam, resmi Moskwanyň Eýranda dowam edýän Mahsa Emini bilen bagly protestleriň ýatyrylmagy babatynda Tährana maslahatlar berýän bolup biljekdigini mälim etdi

1898322
Ak Tam: "Russiýa protestler babatynda Eýrana maslahatlar berýän bolup biler" diýdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Karin Žan Pýer gündelik metbugat ýygnagynda, Eýranyň we Russiýanyň protestleri ýatyrmak üçin edýän hereketlerindäki meňzeşliklere ünsleri çekdi. 

"Resmi Moskwanyň Eýrandaky protestleriň ýatyrylmagy babatynda Eýrana iň gowy usullaryny maslahat berendigi barada aladalanýarys" diýip aýdan Karin Žan Pýer, ýurtlaryň ikisiniň hem protestçilere basyş edip, dymdyrmak isleýändiklerini beýan etdi. 

Karin Žan Pýer: "Eýran we Russiýa näçe çetleşdirilseler, şonçada biri-birleri bilen ýakynlaşýarlar. Biziň Eýrana ýüzlenmämiz açyk: Öz halkyňyzy öldürmegi we Russiýa ukrainalylary öldürmegi üçin ýarag ugratmagyňyzy bes ediň" diýip nygtady. 

Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Strategik aragatnaşyk müdüri Jon Kirbi: "Russiýanyň proetstçilere garşy berk çäre görmek üçin Eýrana kömek bermegi pikir edýändigini bilýäris. Russiýanyň gynansagam bu babatda tejribesi bar" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #protest , #ABŞ , #Eýran , #Russiýa , #Ak Tam

Degişli Habarlar