Zelenskiý ÝB-den Ukraina howa goranyş ulgamlarynyň berilmegini isledi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan Ukraina berilmek islenýän howa goranyş ulgamlarynyň üpjünçilik tapgyrynyň tizleşdirilmegini talap etdi

1895877
Zelenskiý ÝB-den Ukraina howa goranyş ulgamlarynyň berilmegini isledi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, ÝB-ne agza 27 ýurduň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen we 2 gün dowam etjek ÝB Liderler sammitine wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Zelenskiý, şu günki gün Ukrainanyň howpsuzlyk astynda bolmagynyň we goralmagynyň aslyna garanyňda Ýewropanyň goralmagy manysyna gelýändigini belläp, Russiýa tarapyndan gelýän howplara garşy her kimiň jebislik içinde bolmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Zelenskiý, energetika infratstrukturalaryna garşy rus hüjümleriniň bes edilmegini we öňüniň alynmagy üçin has köp howa goranyş ulgamlaryna zerurlyklarynyň bardygyny belläp: "Emma howpsuz bir howa goranyş galkanynyň emele getirilmegi üçin has köp howa goranyş we raketa garşy goranyş ulgamlaryna zerurlygymyz bar. Käbir ÝB ýurtlarynyň şol işe gatnaşygy tassyklandyklaryny bilýärin. Sizi kararlaryň durmuşa geçirilişini mümkin boldugy saýyn tizleşdirmäge çagyrýaryn" diýip nygtady. 

Wladimir Zelenskiý hem Russiýa hem-de şol ýurda uçarmansyz howa ulaglaryny beren Eýrana garşy has köp sanksiýa girizilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri üçin Belarussiýanyň topraklaryny hem ulanýandygyny aýdan Zelenskiý, şol ýurduň hem sanksiýalar sanawyna goşulmagynyň gerekdigini belledi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň internet saýtynda berilen ýazmaça beýanatda, Zelenskiýniň Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk we goranyş geňeşi tarapyndan taýarlanan we 19-njy oktýabrda Döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenen sanksiýalar bilen baglanşykly 2 kararnama gol çekendigi habar berildi. 

Esasan hem Russiýanyň raýatlary bolan we 2507 adamdan ybarat bolan sanksiýa sanawynda, rus oligarhlardan Roman Abramowiçiň we Leonid Lebedewiň hem atlary bar. 



Degişli Habarlar