Estoniýanyň Parlamenti Russiýany “Terrorçy Döwlet” Hökmünde Häsýetlendirdi

Bu barasynda Parlamentden berilen beýanatda aýdylýar.

1894578
Estoniýanyň Parlamenti Russiýany “Terrorçy Döwlet” Hökmünde Häsýetlendirdi

Parlamentden berilen beýannamada: “Estoniýanyň Parlamenti, Ukrainanyň Parlamentiniň we halkara guramalarynyň çagyryşlaryny goldap, rus hökümetini aksiýalaryň bilelikde yza serpikdirilmeli terrorist hökümeti we Russiýa Federasiýasyny terrorizmi maliýeleşdirýän döwlet hökmünde yglan edýär” diýilýär.

Beýannamada halkara jemgyýetçiliginiň hem şeýle kararlary kabul etmegi üçin çagyryş edilýär.

Şeýlelikde Litwandan we Latwiýadan soň Estoniýa hem Russiýany terror döwleti yglan eden üçünji Baltika ýurdy boldy.

Karara 101 halk wekilinden 88 sanysy goldaw beren bolsa, 10 halk deputaty ses bermäge gatnaşmady we 3 halk deputaty ses bermekden saklandy.



Degişli Habarlar