Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri energetika krizisi barada beýannama berdi

Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Karl Lauterbah, energiýa we inflýasiýa krizisi sebäpli ýurtdaky hassahanalaryň batmak howpy bilen ýüz-ýüzedigini beýan etdi

1893619
Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri energetika krizisi barada beýannama berdi

Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Karl Lauterbah, Germaniýanyň ARD telewideniýe kanalyna beren beýannamasynda, hassahanalaryň öňümizdäki aýlarda maddy ýagdaýda likwidlik meselelerini başlaryndan geçirjekdigini, şol meseläniň çözülmeginiň gerekdigini mälim etdi. 

Hassahanalara döwlet tarapyndan has köp berilmegi bilen bagly meseläni ertir Maliýe ministri Kristian Lindner bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdan Karl Lauterbah: "Hassahanalaryň ýagdaýlarynyň tankydydygy mälimdir. Ol ýerde tiz we hakykatdan hem täsirli reaksiýa görkezmesek ýapylyp biler" diýip duýduryş berdi. 

Karl Lauterbah, hassahanalara ýörite gaznanyň bölünip aýrylmagyna oňaýsyz garaýandygyny belläp: "Her bir ugur üçin aýratyn gazna bölüp aýyryp bilmeris" diýip nygtady. 

Germaniýanyň Hassahanalar bileleşiginiň sentýabr aýynyň ortasynda beren beýanatynda, energiýa bahalarynyň tiz depginler bilen artmagynyň we ýokary inflýasiýanyň, hassahanalaryň işleriniň dowam etmegini bökdeýändigi sebäpli ýurtdaky hassahanalaryň 40 göteriminiň batmak howpunyň bosagasyndadygy aýan edilipdi. 

Bileleşigiň başlygy Gerald Gass hem klinikalaryň artýan çykdajylary göterip bilmejekdigini we käbirleriniň öňüzmidäki aýlarda ýapylyp bilinjekdigini belläpdi we ýagdaýyň öňümzdäki ýyl has hem ertbetleşip biljekdigi barada duýduryş beripdi. 



Degişli Habarlar