Kiýewliler Partlama Sesleri Bilen Oýandy

Kiýewde yzly yzyna iki partlama boldy.

1893483
Kiýewliler Partlama Sesleri Bilen Oýandy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde yzly yzyna iki partlama boldy.

Kiýewiň şäher häkimi Witali Kliçko, sosial mediadan beren habarnamsynda, paýtagtyň Şewçenski etrapçasynda rus güýçleriniň hüjümi sebäpli yzly yzyna iki partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Habarnamada, Kiýewiň ýaşaýjylary berlen duýduryşlary berjaý etmäge çagyryldy.

Rus güýçleri 10-njy oktýabrda hem Kiýewe birnäçe hüjüm gurapdy.

 


Etiketkalar: #partlama , #Ukraina , #Kiýew

Degişli Habarlar