Russiýa-Ukraina Söweşi Bütindünýä Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň açlygy ýarag hökmünde ulanýandygyny nygtady.

1891429
Russiýa-Ukraina Söweşi Bütindünýä Ýaramaz Täsirini Ýetirýär

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bütindünýä ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýtdy.

Olaf Şols paýtagt Berlinde eden çykyşynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň her bir adama ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi.

Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň açlygy ýarag hökmünde ulanýandygyny nygtady.

Putiniň Ukrainanyň portlaryna barylmagyny bökdändigini aýdan Şols, birnäçe wagt soň Ukraina bilen Russiýadan galla eksportynyň başlandygyny belledi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Şols, rus lideri Putiniň açlyk bilen birlikde energetikany hem ýarag hökmünde ulanýandygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar