Belarus we Russiýa Sebitleýin Harby Bileleşik Döreder

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Russiýa bilen sebitleýin harby bileleşigiň döredilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi.

1890778
Belarus we Russiýa Sebitleýin Harby Bileleşik Döreder

Lukaşenko Russiýanyň Ukrainanyň birnäçe şäherini bomalan güni ýokary derejeli harby serkerdeler bilen maslahat geçirdi.

Lukaşenko Russiýanyň hüjümlerini goldaýandyklaryny nygtap, ýurdunyň resmi Moskwa bilen bilelikdäki harby serkerdelik döretmek boýunça taýýarlyklaryň başlandyğyny beýan etdi.

Täze harby bileleşigiň borçlary hakynda maglumat bermedik Lukaşenko; “Onuň taýýarlyklary belki birnäçe gün ozal başlady” diýdi we Ukrainany ýene-de bir gezek Belarusa hüjüm guramagy meýilleşdirmekde günäkärledi.

Belarusyn Howpsuzlyk geňeşiniň Sekrtary Pawel Muraweýko ýurdunyň Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina söweşinde “käbir borçlary ýerine ýetirip” işjeň pozisiýa eýeländigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar