Galla Ýüklenen Ýene-de 4 Gämi Ukrainadan Ugrady

“Galla eksporty üznüksiz dowam edýär. Şu gün galla ýüklenen ýene-de 4 gämi Ukrainadan ugrady”

1889950
Galla Ýüklenen Ýene-de 4 Gämi Ukrainadan Ugrady

Galla ylalaşygynyň çäginde galla ýüklenen ýene-de 4 gämi Ukrainadan ugrady.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Galla eksporty üznüksiz dowam edýär. Şu gün galla ýüklenen ýene-de 4 gämi Ukrainadan ugrady” diýildi.

Ukrain gallasynyň Gara deňizden üstaşyr howpsyz ýagdaýda dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin 22-nji iýulda Stambul şäherinde Prezident R. T. Erdoganyň, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň, Ukrainanyň we Russiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Stambula galla geçelgesi ylalaşygy baglaşylypdy.

 


Etiketkalar: #Ukraina , #ylalaşyk , #galla

Degişli Habarlar