Eýranda Bolan Ýer Titremesinde Ýaralananlaryň Sany 1127 Adama Ýetdi
Hoý şäherinde düýn ýerli wagty bilen 03.51-de 5,4 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygy habar berlipdi

Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Hoý şäherinde bolan ýer titremesinde 1127 adam ýaralandy.
Eýranyň Gyssagly kömek edarasynyň metbugat sekretary Müjteba Halidi, Günbatar Azerbaýjan welaýatynda bolan ýer titremesinde 1127 adamyň ýaralanandygyny nygtady.
Halidi, hassahanada bejergi astyna alynanlardan 116 adamdan 111-niň Hoý şäherinde, 5-niň Selmasda bejergi alýandygyny belledi.
Günbatar Azerbaýjanyň häkimi Sadyk Mutemediýan bolsa ýer titremesinde 50 öýüň dolulygyna ýykylandygyny, 500 öýe hem zeper ýetirlendigini aýtdy.
Eýranyň döwlet telewideniýesi, Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Hoý şäherinde düýn ýerli wagty bilen 03.51-de 5,4 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar beripdi.
Ýer titremesinin Türkiýäniň Wan we Hakkari welaýatlarynda hem duýulandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar

“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Hüseýin Emir Abdullahiýan, Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny aýtdy.