Ukrain Ýaragly Güýçleri Bir Obany Yzyna Aldy

24-nji fewralda başladan söweşiniň ilkinji günlerinde alan Herson oblastyna degişli bir obany yzyna alyndy.

1888974
Ukrain Ýaragly Güýçleri Bir Obany Yzyna Aldy

Ukrainanyň ýaragly güýçlri Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşiniň ilkinji günlerinde alan Herson oblastyna degişli bir obany yzyna aldy.

Ukrainanyň Ýörite harby güýçleriniň resmi Telegram hasabyndan berilen habarnamada; “Bu gezek Ukrainanyň Ýörite harby güýçleriniň esgerleri Hersonda Mala Oleksandrowkanyň gözegçiligini ele geçirdi” diýilýär.

Luganskyň harby dolanşygynyň Başlygy Sergeý Gaidai bolsa öz Telegram hasabyndan Ukrainanyň goşunlarynyň Donbassda Luganskdaky ilatly ýerleriň gözegçiligini gaýtadan almak üçin herekete geçendigini habar berdi.

Adybir sebitdäki käbir ilatly ýerleriň Ukrainanyň goşunlarynyň gözegçiligine geçendigini beýan eden Gaidai; “Lugansk halas edilmäge başlandy. Birnäçe ilatly ýer rus goşunlaryndan halas edildi we ol ýerde Ukrainanyň ýaragly güýçleri Ukrainanyň baýdagyny pasyrdadýar” diýdi.



Degişli Habarlar