Putin Zaporožýe Atom Bekediniň Russiýanyň Emlägine Goşulmagy Hakyndaky Karara Gol Çekdi

Zaporožýe Atom elektrik bekediniň işledilmegi boýunça degişli rugsatlaryň beriljekdigi mälim edildi.

1889041
Putin Zaporožýe Atom Bekediniň Russiýanyň Emlägine Goşulmagy Hakyndaky Karara Gol Çekdi

Kremliň internet sahypasyndanda neşir edilen kararda Zaporožýe Atom elektrik bekediniň işledilmegi boýunça degişli rugsatlaryň beriljekdigi mälim edildi.

Kararda bekediň Russiýanyň federal emläginiň hataryna goşuljakdygy we rus hökümetine degişli görkezmäniň berilendigi nygtalýar.

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaporožýe Atom elektrik bekedi Ýewropanyň iň uly atom bekedidir.

6 sany atom reaktorly we 5,700 megawat/sagat elektrik toguny öndürýän beket, Ukrainadaky jemi elektrik togunyň 20 göterimini üpjün edýär.

Zaporožýe Atom elektrik bekedi 4-nji martda ruslar tarapyndan alynypdy.



Degişli Habarlar