Demirgazyk Koreýa Täze Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa soňky 12 günde 6 raketa synagyny geçirdi.

1889101
Demirgazyk Koreýa Täze Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýanyň Ýapon deňizine tarap iki ballistiki raketa atandygy habar berildi.

Günorta Koreýanyň Baş ştaby, gysga aralykly iki ballistiki raketanyň Phenýanyň golaýyndaky Samsok etrabyndan ýerli wagt bilen 06.01-de we 06.23-de atandygyny mälim etdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministri Hamada Ýasukazu,  atylan ballistiki raketalaryň Ýapon deňizine düşendigini belledi.

Ministr Hamada, ballistiki raketalar sebäpli protest notasynyň berlendigini nygtady.

Ballistiki raketa synagyny ýazgaran Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, soňky döwrüde Demirgazyk Koreýanyň ýygy-ýygydan geçirýän raketa synaglarynyň asla kabul edilmejekdigini ýatlatdy.

Soňky raketanyň, ABŞ-nyň atom energiýasy bilen işleýän Ronald Reagan atly uçar gämisiniň Günorta Koreýa bilen bilelikde harby türgenleşik geçirmek üçin sebite gelmeginden soň atylmagy ünsleri özüne çekdi.

Demirgazyk Koreýa soňky 12 günde 6 raketa synagyny geçirdi.

 

 



Degişli Habarlar