Owganystanda Metjitde Partlama Boldy
Partlamada 2 adamyň ýogalandygy, 18 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy nygtaldy.
Owganystanyň paýtagty Kabulda, Içeri işler ministrliginiň binasynda ýerleşýän metjitde günorta namazynda bolan partlamada 2 adam ýogaldy.
Içeri işler ministrliginiň girelgesi howpsyzlyk sebäpli ýapyldy.
Kabuldaky Emergensy hassahanasyndan berlen beýannamada partlamada 2 adamyň ýogalandygy, 18 adamyň hassahanada bejergi astyna alynandygy nygtaldy.
Şaýatlar, Içeri işler ministrliginiň käbir ýolbaşçylarynyň metjidiň içindedigini mälim etdi.
Kabulda şaýy Hazaralaryň ýaşaýan Deşti Berçi mähellesindäki bilim merkezinde anna güni bolan partlamada 46-sy kyz jemi 53 okuwçy ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Protestçylar Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden ýesirleriň yzyna getirilmegini talap etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ukraina we Ysraýyla Goşmaça Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady
Baýden, Ukraina 61, Ysraýyla hem 26 milliard dollarlyk harby kömegiň berilmegini tassyklady.