Ukrainada Hassahana Hüjüm Guraldy

Hüjümde 1 saglygy goraýyş işgäriniň ýogalandygy, 1 şepagat uýasynyň ýaralanandygy nygtaldy

1887921
Ukrainada Hassahana Hüjüm Guraldy

Ukrainada, rus güýçleriniň Harkow sebitiniň Kupýansk şäherinde hassahana guran raketa hüjüminde 1 saglygy goraýyş işgäri ýogaldy.

Harkowyň gubernatory Oleg Sinegubo, sosial mediadan beren habarnamasynda, hüjüm sebäpli hassahana uly zeper ýetirlendigini nygtady.

Sinegubo, hüjümde 1 saglygy goraýyş işgäriniň ýogalandygyny, 1 şepagat uýasynyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Kupýansk şäherinde hassahana guralan hüjümden soň hassahananyň girelgesiniň ýanandygyny nygtady.

Kupýansk şäheri, Ukrain goşunynyň geçen aý başladan garşy hüjüminde rus güýçlerinden yzyna alynypdy.

Şäheriň gözegçiliginiň ukrain goşunyndadygyna garamazdan golaýdaky çaknyşyklaryň dowam edýändigi nygtalýar.

Rus esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar