Nigeriýada Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alynanlaryň sany 318, ýogalanlaryň sany bolsa 19 adama ýetdi

1887482
Nigeriýada Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Nigeriýada maýmyn mama keseli sebäpli ýogalanlaryň sany 19, hasaba alynanlaryň sany 318 adama ýetdi.

Nigeriýanyň Hassalyklara garşy göreş merkezinden berlen beýannamada, soňky bir hepde-de ýene-de 41 adamyň maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alynanlaryň sanynyň 318, ýogalanlaryň sanynyň bolsa 19 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada, maýmyn mama keseline paýtagt Abuža bilen birlikde 32 welaýatda gabat gelinendigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar