Keniýada 109 Pil Öldi

Keniýanyň Tsawo goraghanasynda soňky bir ýylda gurakçylyk sebäpli 109 piliň ölendigi habar berildi.

1887503
Keniýada 109 Pil Öldi

Afrikanyň Ýabany durmuş gaznasynyň Keniýa boýunça Direktory Nansi Githaiga Keniýanyň esasy goraghanalaryndan biri bolan Tswawoda soňky bir ýylda 109 piliň ölendigini beýan etdi.

2019-njy ýylda çöl çekirtgeleriniň aşa köpelmegi sebäpli ekerançylyk önümçiliginiň aşaklamagy we azyk ýetmezçiliginiň başlamagy, ýeterlik ygalyň bolmazlygy ýurtda azyk ýetmezçiligini ýüze çykardy.

Keniýada 13 million adam açylyk çekýär.

Bilermenler Afrikanyň gündogar etraplarynda soňky 40 ýylyň iň agyr gurakçylygynyň başdan geçirilýändigini aýdýarlar.



Degişli Habarlar