Pakistanda 5,7 Million Adam Azyk Krizine Sezewar

Pakistanda 14-nji iýundan bäri dowam edýän muson ýagyşlary bilen gelen sil apaty sebäpli 1695 adam ýogalypdy.

1887746
Pakistanda 5,7 Million Adam Azyk Krizine Sezewar

BMG tarapyndan taýarlanan habarnamada, Pakistanda sil apaty sebäpli azyk krizisiniň çuňlaşjakdygy we sil sebäpli 5,7 million adamyň oktýabr we noýabr aýlaýynda azyk krizisine sezewar boljakdygy nygtaldy.

Habarnamada, Sinh we Buluçistan welaýatlarynda ýokanç kesel howpynyň artýandygy, wagtlaýyn çadyrlarda ýaşaýan göwreli 130 müň zenanyň gyssagly saglyk kömegine garaşýandygy bellenildi.

Sil apaty sebäpli uly ýitgi çeken Pakistana birnäçe ýurtdan we BMG tarapyndan 131 uçarlyk ynsanperwer kömegi berildi.

Emma muňa garamazdan sil sebäpli öýsüz galanlaryň bir böleginiň ynsanperwer kömegini alyp bilmändigi ýatladyldy.

Pakistanda 14-nji iýundan bäri dowam edýän muson ýagyşlary bilen gelen sil apaty sebäpli 1695 adam ýogalypdy.

Sil sebäpli 2 milliondan gowrak öýe zeper ýetirlendigi, ýüzmüňlerçe adamyň çadyrlarda ýaşaýandygy bellenildi.

Pakistanyn hökümeti sil sebäpli 30 milliard dollarlyk ýitgi çekilendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar