Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron, ýadro bekediniň Baş müdüri Igor Muraşowyň rus güýçleri tarapyndan saklanmagyny ýazgardy.

1887490
Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Elysee köşgünden berlen beýannama görä, Makron telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň bikanun ýagdaýda Ukrainanyň Doneks, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitlerini anneksirlemegini ýazgardy.

Makron, Fransiýanyň Ýewropaly dostlary bilen birlikde Ukrainanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Zaporožýe ýadro bekedinde başdan geçirlen soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.

Makron, ýadro bekediniň Baş müdüri Igor Muraşowyň rus güýçleri tarapyndan saklanmagyny ýazgardy.



Degişli Habarlar